Şu gün Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp gördüler.
Bu ýerde myhmanlar türkmen halkynyň gadymy taryhy we baý medeni mirasy barada giňişleýin ekspozisiýa bilen tanyşdylar. Myhmanlar, aýratyn-da, türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny görkezýän etnografik eksponatlara uly gyzyklanma bildirdiler.
Foruma gatnaşyjylar üçin taýýarlanan ýörite medeni maksatnama laýyklykda, hepdelige gatnaşyjylar ýurduň beýleki muzeýleri bilen hem tanşarlar. Şeýle hem olar Türkmenistanyň paýtagtynyň gözel künjeklerine we ýatdan çykmajak ýerlerine baryp görerler.
Ýeri gelende bellesek, Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyş dabarasy we oňa gatnaşyjylaryň ilkinji konserti şu gün sagat 19:00-da Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirildi.