Şu gün Aşgabatda TÜRKSOÝ-nyň Medeniýet hepdeligi açylýar

07:4924.06.2023
0
30493

Şu gün Aşgabatda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi açylýar. Bu medeni forum Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýär. Halkara çäräniň Aşgabatda dowam edýän Medeniýet hepdeligi bilen utgaşykly guralmagynda aýratyn many-mazmun bar diýip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki çap edilen sanynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, Türki döwletleriň 24 — 29-njy iýun aralygynda Aşgabatda geçirilmegi bellenen Medeniýet hepdeliginiň meýilnamasy uly we baý çäreleri göz öňünde tutýar. Olara Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň medeniýet we sungat ussatlary gatnaşar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýeri bolar. Soňra hepdelik paýtagtyň köp sanly medeni ojaklarynda, hususan-da, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde we Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda dowam eder.

Türki döwletleriň foto sergisi hem-de çagalaryň surat bäsleşigine gatnaşan çagalaryň surat sergisi hem geçiriler. Halkara medeni forumyň geçirilýän günlerinde wekiliýet agzalary üçin türkmen tarapyndan gyzykly we täsirli meýilnama taýýarlanyldy. Mysal üçin, olar Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Aşgabadyň gözel ýerlerine, Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görerler.

Hepdeligiň dowamynda türki döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň döredijilik toparlarynyň bilelikdäki konsertleri geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň