Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan 2025-nji ýyla çenli elektrik energiýasynyň eksportyny 8,7% artdyrar

12:0021.06.2023
0
26443

2023-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Türkmenistan elektrik energiýasynyň öndürilişini we eksportyny ep-esli ýokarlandyrdy. Bu barada GDA-nyň Elektrik energetikasy geňeşiniň Ýerine ýetiriji komiteti habar berdi.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň habaryna görä, elektrik energiýasynyň önümçiliginiň ösüş depgini 105,8 göterime, eksporty bolsa 106,3 göterime barabar boldy.

Önüm öndürmegiň we ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy edara tarapyndan 110,1 göterim ýerine ýetirildi.

2025-nji ýyla çenli Türkmenistanyň elektrik energiýasynyň eksportynyň mukdaryny 8,7 göterim ýokarlandyrmagyna garaşylýar.

Bu maksat bilen ýurt täze elektrik stansiýalaryny, elektrik geçiriji liniýalaryny, häzirki zaman transformator podstansiýalaryny we energiýa paýlaýyş desgalaryny gurmagy meýilleşdirýär.

Häzir Türkmenistan Owganystana, Eýrana, Gyrgyzystana we Özbegistana elektrik energiýasyny eksport edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň