Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen türgenleri ýetginjekleriň (U17) we ýaşlaryň (U23) arasynda geçirilen göreş boýunça Aziýa çempionatynda dört medal gazandylar

18:2920.06.2023
0
29132

Ýetginjekleriň (17 ýaşa çenli) we ýaşlaryň (23 ýaşa çenli) arasynda geçirilen erkin göreş boýunça Bişkek şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň türgenleri jemi dört - üç bürünç we bir altyn medal eýelediler. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr habar berýär.

Ilki ýetginjekleriň yklym çempionatyň baýraklary ugrunda bäsleşdiler. 13 ýurtdan 99 türgeniň on agram derejesinde medallar ugrunda bäsleşen erkin göreş ýaryşynda türkmen türgenleri iki bürünç medal gazandylar.

Ilkinji üstünligi paýtagtymyzyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdep- internatynyň 10-njy synp okuwçysy Alp Arslan Begenjow gazandy. 11 pälwanyň bäsleşen 71 kilograma çenli agram derejesinde Alp Arslan birinji tutluşygynda Adilet Akylbekowdan (Gyrgyzystan) 13:8 hasabynda üstün çykdy. Soňra çärýek finalda Asadbek Faýzullaýewi (Özbegistan) 10:0 hasabynda ýeňdi.

Ýarym finalda A.Begenjow Seýedabolfazl Seýed Aýub Hosseýniden (Eýran) 0:10 hasabynda ýeňildi, 3-nji orun ugrundaky tutluşykda Bilguundalaý Purewdagwy (Mongoliýa) 10:0 hasabynda ýeňip, bürünç medala mynasyp boldy. Bu agram derejesinde Narender Narender (Hindistan) ikinji bürünç medal gazandy. Kümüş medaly finalda eýranly Aziýa çempionyndan ýeňilen Nurdaulet Seilbekow (Gazagystan) eýeledi.

8-nji awgustda 16 ýaşly sport ussatlygyna dalaşgär Alp Arslan Begenjow Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň häzirki baş tälimçisi Berdi Atabaýewiň elinde erkin göreş bilen meşgullanyp başlady. Häzirki wagtda bolsa Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Batyr Orazgylyjowyň ýolbaşçylygynda ussatlygyny kämilleşdirýär.

Mundan öň A.Begenjow iki gezek - 2022-nji we 2023-nji ýyllarda Rumyniýada 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda «Constantin Alexandru & Ioan W.Popovici» halkara ýaryşynda üstünlik gazandy. Geçen ýyl ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda 65 kilograma çenli agram derejesinde altyn medal eýeledi. Indi bolsa başga 71 kilograma çenli agramda bürünç medala mynasyp boldy.

Erkin göreş boýunça Türkmenistanyň topary üçin ikinji bürünç medaly paýtagtymyzyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Döwletgeldi Myradowy gazandy. 11 türgeniň bäsleşen 80 kilograma çenli agram derejesinde Döwletgeldi çärýek finalda Abolfazl Ýaser Rahmani Firuzjaiden (Eýran) 0:4 hasabynda ýeňildi.
Şoňra bolsa bürünç baýrak ugrunda Byambadorj Enhbatdan (Mongoliýa) - 4:3, Nurassyl Ýerassyldan (Gazagystan) 5:0 hasabynda üstün çykdy. Bu agram derejesinde ikinji bürünç medaly Hauýu Sian (Hytaý) eýeledi. Saurab Ýadaw (Hindistan) hormat münberiniň ikinji, Eýranyň wekili bolsa ýokary gatyna çykdy.

14-nji iýulda 17 ýaşy dolýan birinji derejeli türgen Döwletgeldi Myradow Türkmenistanyň ýetginjekler milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Berdi Atabaýewiň ýolbaşçylygynda paýtagtymyzyň «Galkynyş» bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda erkin göreş bilen meşgullanýar. Geçen aý Buharestde17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen «Constantin Alexandru & Ioan W.Popovici» halkara ýaryşynda ikinji orny eýeledi. Indi bolsa Aziýa çempionatynyň (U17) bürünç medalyna mynasyp boldy.

Pälwanlarymyz ýene bir altyn medal gazandylar. Ýaşlaryň (U23) arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda on agram derejesinde 12 ýurtdan 71 türgen bäsleşdi.

Halkara derejeli sport ussady Zyýamuhammet Saparow 125 kilograma çenli agram derejesinde hormat münberiniň ýokarky gatyna çykdy, onda 8 türgen iň güýçli ady ugrunda göreşdi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 23 ýaşly 5-nji ýyl talyby çärýek finalda Munhbaýar Sogtbaýary (Mongoliýa) - 6:4, ýarym finalda Kambojaly Bali Souwy ýeňdi, finalda bolsa gazagystanly Abylaý Sowetden üstün çykdy. Bu agram derejesinde kambojaly Bali Sou we özbegistanly Namoz Abduraşidow bürünç medal gazandylar.

Zyýamuhammet Saparow Türkmenistanyň birnäçe gezek çempionydyr. Ol 2016-njy ýylda Ýakutskide geçirilen «Aziýa çagalary» oýunlarynda ýetginjekleriň arasynda üstünlik gazandy. Geçen ýyl Bişkekde geçirilen (U23) Aziýa çempionatynda kümüş medal eýeledi. Indi bolsa iň ýokary baýrak aldy. Zyýamuhammediň häzirki üstünliginde halypasy - erkin göreş boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Ýusup Melejäýewiň paýy uludyr.

Ildeşlerimiz grek-rim göreşinde hem (U23) Aziýa ýaşlar çempionatynda ýene bir medal - bürünç medale eýe boldular, onda on ýurtdan 60 türgen on agram derejesinde bäsleşdi.

130 kilograma çenli agram derejesinde 6 türgeniň arasynda 22 ýaşly sport ussatlygyna dalaşgär Aýbegşazada Kürräýew hormat münberiniň üçünji gatyna çykdy. Bu üstünlige çenli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby dört gezek tutluşdy.

Birinji tutluşykda Aýbegşazada Asrorbek Anwarjonowy (Özbegistan) - 6:3, ikinjisinde Parweş Parweşi (Hindistan) - 8:1 hasabynda ýeňdi. Ýarym finalda A.Kürräýew Johar Uzarowdan (Gazagystan) 6:11 hasabynda utuldy, şondan soň 3-nji orun ugrundaky göreşde ýene özbegistanly Asrorbek Anwarjonow bilen duşuşdy. Garşydaşlaryň ikinji duşuşygy 4: 0 hasabynda türkmenistanly pälwanyň peýdasyna tamamlandy. Bu agram derejesinde Wenhao Sian (Hytaý) çempion boldy, gazagystanly Johar Uzarow bolsa kümüş medal gazandy.

Ol Türkmenistanyň häzirki çempiony Aýbegşazada Kürräýewiň halkara ýaryşlarynda ilkinji üstünligidir. Ol grek-rim göreşi bilen kakasy, Mary şäherindäki 4-nji sport mekdebiniň tälimçisi Ýagşymyrat Kürräýewiň ýolbaşçylygynda meşgullanyp başlady. Häzirki wagtda «Galkynyş» bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda grek-rim göreşi boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi, 2000-nji ýylda Sidneýde geçirilen Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan, Moskwada geçirilen dünýä çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi, 1997-nji ýylda Tähranda geçirilen Günbatar Aziýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi, 1999-njy ýylda Bişkekde geçirilen Merkezi Aziýa oýunlarynyň wise-çempiony Nepes Gukulowyň ýolbaşçylygynda sport ussatlygyny kämilleşdirýär..

Türkmen pälwanlary sentýabr aýynda 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna ilkinji hukuklar ugrunda bäsleşiljek Belgradda geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlanmagy göz öňünde tutýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň