Soňky habarlar

Arhiw

«Standart Hyzmat» konsalting kompaniýasynyň hünärmenleri «GLOBAL G.A.P.» standartynyň täze nusgasy boýunça tälim aldylar

10:0020.06.2023
0
22700

«Standart Hyzmat» konsalting kompaniýasynyň hünärmenleri Türkmenistanda ilkinji bolup «GLOBAL G.A.P.» standartynyň täze nusgasyny özleşdirdiler. Synaglardan üstünlikli geçip, olar 6.0 nusgasyna laýyklykda sertifikatlaşdyrmak boýunça öz başarnyklaryny tassyklatdylar.

Azyk önümçiliginiň hiliniň 6.0 standartynyň täze nusgasy ösümlikleri goramak we dökünleri ulanmak işinde serişdeleri peýdalanmak boýunça has berk syýasaty kesgitleýär.

Bu ulgam önümçilik howpsuzlygynyň häzirki zaman standarty bolup, bütin dünýäde giňden ýaýrandyr. Islendik ýurtda iri müşderiler bilen yzygiderli işleşmek isleýän daýhanlar bu çemeleşmäni göz öňünde tutmalydyrlar.

«Standart Hyzmatyň» hünärmenleri 6.0 nusgasy boýunça sertifikatlaşdyrmakda türkmen oba hojalykçylaryna öz hyzmatlaryny bermäge taýyn.

Ýatlatsak, «GLOBAL G.A.P.» – bu oba hojalyk önümleriniň howpsuzlygyny kadalaşdyrýan esasy dünýä standartydyr. Ol tekjelerindäki önümleriň howpsuzdygyna göz ýetirmek isleýän ýanewropaly satyjy tarapyndan işlenip düzüldi.

Häzirki wagtda dünýäniň 100-e golaý ýurdy bu standart bilen işleýär, eýýäm, takmynan, 160 müň sertifikat berildi.

Türkmenistanda sertifikatlaşdyrmaga bolan isleg ýylsaýyn artýar. Şeýlelik bilen, oba hojalyk önümlerini öndürijisi bolan "Ýigit" HJ «Standart Hyzmatyň» geňeşçileri bilelikdäki iş netijesinde Türkmenistanda ilkinji bolup «GLOBAL G.A.P.» sertifikatyny aldy.

«GLOBAL G.A.P.» sertifikatynyň artykmaçlyklary – kompaniýanyň bazarda ykrar edilmegi, ýokary abraýyň (imij) emele gelmegi. Şeýle-de, bu ösdürilip ýetişdirilen önümler üçin häzirki zaman bazary tarapyndan hödürlenip bilinjek islenilýän bahadyr. «GLOBAL G.A.P.» halkara sergilerine gatnaşyjylardan hem talap edilýär.

«Standart Hyzmatyň» işi we täze nusga boýunça sertifikatlaşdyrmak barada has anyk maglumatlary gönüden-göni kompaniýanyň ofisinden alyp bilersiňiz. Salgysy: Aşgabat, Bagtyýarlyk etraby, Bagtyýarlyk-9 köçesi, 1-nji gat. Telefon belgileri: (+993 64) 19 86 68, (+993 65) 71 81 86. Elektron poçta salgysy: info@standarthyzmat.com.tm

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň