2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy bolar. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara şu gün Arkadag şäherinde geçirilen Hökümetiň giňişleýin göçme mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Resminama türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça, öňdebaryjy täze tehnologiýalary ulanmak arkaly “akylly” şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäheriniň açylyşyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen kabul edildi.
Resminama laýyklykda:
• Daşary işler ministrligine, Arkadag şäheriniň häkimligine, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, Medeniýet ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine bilelikde 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň açylyşynyň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy;
• Degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary açylyş dabarasyna taýýarlyk görmekde hem-de ony ýokary derejede geçirmekde Daşary işler ministrligine, Arkadag şäheriniň häkimligine, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, Medeniýet ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ähli ýardamy bermäge borçly edildi;
• Medeniýet ministrligine, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine hem-de Döwlet habarlar agentligine açylyş dabarasyny geçirmek we “akylly” şäher konsepsiýasy bilen bagly Türkmenistanda alnyp barylýan işleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýokary derejede beýan edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Arkadag şäheriniň gurluşygyny iki tapgyrda amala aşyrmak bellenildi.
— Häzirki wagtda onuň birinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlandy. Biz ony ýakyn günlerde dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga bereris. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda jemi 336 sany döwrebap desga bina edildi. Şolaryň arasynda iki we köp gatly, jemgyýetçilik, bilim, saglygy goraýyş hem-de medeni maksatly binalar, sport desgalary, inženerçilik ulgamlary bar — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň sözlerine görä, täze şäherde ähli işler dünýä ölçeglerine laýyklykda, ýokary hilli amala aşyryldy. Okuw mekdeplerinde sanly ulgam, ýaşaýyş jaýlarynda bolsa «akylly» öý ulgamy ornaşdyryldy. Täze şäheriň ekologik taýdan arassa bolmagy üçin köp işler amala aşyryldy. Onuň daşky gurşaw, tebigat bilen sazlaşygyny gazanmak üçin zerur çäreler görüldi. Munuň üçin şäheriň köçelerinde we daş-töwereginde köp sanly bag nahallary oturdyldy. Ekologik talaplara laýyk gelýän sazlaşykly ýol-ulag düzümi döredildi.
— Täze Arkadag şäheri häzirki zamanyň ýaşamak we işlemek, dynç almak üçin iň amatly, kämil şäherleriniň biri boldy — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.
Arkadag şäheriniň döwlet we halk üçin örän möhüm syýasy, ykdysady, durmuş ähmiýeti bardyr. Sözüniň barşynda döwlet Baştutany häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenler bilen ýurdy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmagyň dowam etdiriljekdigini aýtdy.
Takmynan, 70 müň çemesi ilaty boljak Arkadag şäheri ýurduň paýtagtyndan 30 kilometr günorta-günbatarda 950 gektar meýdanda gurulýar.
Bu ýerde smartfonlar arkaly dolandyryljak “akylly” ýaşaýyş jaýlary, baýdak meýdançasy, häkimligiň binasy we beýleki edaralar guruldy.
Bu mega-taslamanyň gurluşygy 2019-njy ýylda başlandy.
2023-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň täze Kanuny güýje girip, oňa laýyklykda Arkadag şäherine döwlet ähmiýetli şäher diýen ýörite hukuk statusy berildi.