Soňky habarlar

Arhiw

I.Kuzmin Türkmenistanda tohumçylyk pudagynda genetika bankyny döretmegi teklip etdi

08:0616.06.2023
0
20440

GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, «Semena» assosiasiýasynyň prezidenti Iwan Kuzmin Türkmenistanda tohumçylyk pudagynda genetika bankyny döretmegi teklip etdi. Ol muny Aşgabatdaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetine (TOHU) baryp görenden soň «GDA-nyň Sesi» onlaýn radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

I.Kuzminiň oba hojalygy pudagynda dünýä belli şahsyýet, Oba hojalygy ylymlarynyň doktory, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi (RAS), bütin ömrüni tohumçylygy ösdürmäge we dürli ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga bagyş eden adamdygyny bellemek gerek. Şeýle hem ol Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni ýaly 35 sany abraýly döwlet baýraklarynyň eýesidir.

«Alym hökmünde, tohum öndürmek pudagynda ylmy hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi nukdaýnazaryndan Türkmenistana bu ýerde genetika bankyny açmagy maslahat bererdim. Ýurduň tebigy şertlerini nazara alsaň, bu netijeli taslama bolardy. Bu babatda Türkmenistanda Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň P.P.Lukýanenko adyndaky Milli däne merkezi bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Şu güne çenli bu edarada bugdaýyň 290 görnüşini we gök ekinleriň 450 görnüşi işläp taýýarlanyldy» diýip, Kuzmin belleýär.

Şeýle hem ol 2007-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary ýolbaşçylaryna galla önümçiligini iş ýüzünde ýokarlandyrmak meýilnamasyny teklip edendigini aýtdy. Onuň geçiren seljermesine laýyklykda, şol döwürde ýurt ekiş materialy hökmünde tohum ösdürip ýetişdirmekde yza galýardy.

«Ýurduň ýolbaşçylary maňa ynam bildirdiler we bu ugurdan ösüşe işjeň gatnaşmagy ynandylar. Şol wagtlar meniň Türkmenistanyň birnäçe ýyldan soň bugdaý eksport edýän döwletleriň hataryna goşuljakdygy baradaky sözlerime çynlakaý garan az boldy. Ynha, dört ýyldan soň Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň galla eksport edip başlandygy köpçülige mälim edildi. Bu çynlakaý öňegidişlik boldy» diýip, alym aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, meýilnamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi 2008-nji ýylda başlandy. Gymmatly häsiýetlere — başlangyç etap we soňraky seçgi üçin örän möhüm bolan kesele garşy, ýylylyga garşy durnuklylyga we howa şertlerine uýgunlaşyjylyga eýe bolan 1000 tonna saýlama tohum görnüşi ýurda getirildi. Olar 5000 gektardan gowrak meýdana ekildi we her gektardan 80 sentre çenli hasyl alyndy.

Öndürijilikli hyzmatdaşlyk ösdi ýylsaýyn ösdi we eýýäm 2022-nji ýylda 20 müň tonna saýlama ekiş tohumy iberildi.

I.Kuzmin şu ýyl Türkmenistanda gowy bugdaý hasylynyň alnandygyny nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň