Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Si Szinpini 70 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady

09:4015.06.2023
0
22629

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

— Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Hytaý Halk Respublikasy durmuş-ykdysady ösüşde uly üstünlikleri gazandy we häzirki wagtda döwrebap sosialistik döwleti gurmak ýolunda ynamly öňe barýar — diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi.

Hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan, däbe öwrülen dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkitmäge Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň goşýan şahsy goşandyna Türkmenistanyň ýokary baha berýändigini belläp, Türkmenistanyň Prezidenti şu ýyl Pekin we Sian şäherlerinde mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ugurlary babatda gazanylan ylalaşygyň durmuşa geçirilmeginiň iki halkyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ägirt uly maksatnamalary hem-de başlangyçlary durmuşa geçirmekde täze üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň