Turkmenportal logo
14.06.23
3467334673
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenabatda Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalary gurlup başlanar
Türkmenabatda Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalary gurlup başlanar

Türkmenistanyň Bilim ministrligine Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde 5 müň orunlyk Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap enjamlar bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada «Nahal» hojalyk jemgyýeti bilen, institut üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak we olary umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Resminama laýyklykda, gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we institutyň binalar toplumyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.