Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy tassyklanyldy. Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Kararda görkezilen Strategiýanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.
Resminama ýurduň kanunçylygy we Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen kabul edildi.