Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Magtymguly Pyragy we dünýä gymmatlyklary» atly bilelikdäki türkmen-koreý halkara onlaýn maslahaty geçirildi

15:3810.06.2023
0
24431

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň guramagynda nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny mynasybetli «Magtymguly Pyragy we dünýä gymmatlyklary» atly bilelikdäki türkmen-koreý halkara onlaýn ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi.

9-njy iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatyň işine Koreýanyň Hanýang uniwersitetiniň, Ýewraziýa syýasat institutynyň, Paý Çaý uniwersitetiniň, Çonnam milli uniwersitetiniň, Seul milli uniwersitetiniň, Inha uniwersitetiniň, Hankuk uniwersitetiniň, Kukmin uniwersitetiniň ýolbaşçylary we professor-mugallymlary, şeýle hem Türkmenistanyň

Ylymlar akademiýasynyň alymlary, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary, iki ýurduň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Maslahatyň başynda beýik şahyr hökmünde we şol bir wagtda türkmen edebiýatyny dünýä tanadan akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ömri-döredijiligi bilen diňe koreý alymlary däl, eýsem bütin dünýä gyzyklanýar diýip, Hanýang uniwersitetiniň Aziýa-Ýuwaş umman gözleg merkeziniň direktory Eom Gu Ho aýratyn nygtap geçdi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew çykyş edip, nusgawy şahyr Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ynsanperwer gatnaşyklaryny ýola goýmakda hoşniýetli wekili bolmak bilen, türkmeniň milli edebiýatyny esaslandyryjysydyr diýip belledi.

Maslahatda çykyş edenler Gündogaryň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy, hususan-da, özünden öňki şahyrlaryň we alymlaryň pikirlerini bir ýere jemläp, oňa täze häsiýet berendigini bellediler. Şeýle-de oňa gatnaşyjylar nusgawy şahyryň goşgular ýygyndysynyň dünýäniň dürli dilleri bilen birlikde, koreý diline terjime edilmegi türkmeniň taryhyny we edebiýatyny öwrenmekde halkara ylmy jemgyýetçiligi üçin uly goldanma bolar diýip nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň