Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Wiktor Orbany kabul etdi

20:0408.06.2023
0
45213

Habar berşimiz ýaly, şu gün Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban iki günlük resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýanyň Hökümetiniň baştutany bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Premýer-ministriň Metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belent mertebeli myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp hem-de Aşgabada uly wekiliýet bilen gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu saparyň netijeli döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka boljakdygyna, onuň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň bolsa özara hormat goýmak esasynda guralýan däp bolan hyzmatdaşlygyň täze usullaryny we ugurlaryny gözlemäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana ilkinji resmi saparyny guramagyň mümkinçiliklerini, Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitlerine gatnaşmagyň çäklerinde gysga wagtlyk söhbetdeşlikleriň barşynda ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi. Bu sapara taraplaryň ikisi hem uly ähmiýet berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri özüniň 2014-nji ýylyň iýunynda Wengriýa bolan saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şol saparyň barşynda türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän Bilelikdäki beýannama kabul edildi.

Wiktor Orban türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda häzirki wagtda Merkezi Aziýada möhüm orun eýeleýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana gelip görmek mümkinçiligine örän şatdygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda aýry-aýry möhüm ugurlara aýratyn üns berildi.

Ertir Aşgabatda geçiriljek türkmen-wenger gepleşikleriniň barşynda meseleleriň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Wengriýanyň Hökümetiniň baştutanynyň Türkmenistana resmi sapary dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň