Turkmenportal logo
06.06.23
2654926549
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýuriý Rogusskiý Merkezi Aziýanyň birinjiliginde türkmen ýygyndysynyň üstünlikli çykyşy barada pikirlerini paýlaşdy
Ýuriý Rogusskiý Merkezi Aziýanyň birinjiliginde türkmen ýygyndysynyň üstünlikli çykyşy barada pikirlerini paýlaşdy

Türkmenistanyň tennis boýunça ýetginjekler ýygyndysynyň baş tälimçisi Ýuriý Rogusskiý türkmen türgenleriniň Merkezi Aziýanyň birinjiligindäki üstünlikli çykyşy barada pikirlerini beýan etdi.


Ol 2-nji tapgyrda Owganystanyň ýygyndysy bilen geçirilen duşuşykdan soň TDH-nyň habarçysyna:


― Bu gezekki oýun biziň üçin ýeňil geçdi. Sport ýaryşynyň Gyrgyzystanyň topary bilen geçiren ilkinji duşuşygymyzda, biziň toparymyzyň agzalarynyň hereketlerinde gowy netijeler üçin uly jogapkärçilik we tolgunma duýuldy. Elbetde, 4 müň tomaşaçyly uly ýaryş zalynda çykyş etmek örän tolgundyryjy boldy. Muňa garamazadan topar agzalary başlangyç tolgunma hötde gelip, geçirilen 3 oýunda gyrgyz tarapyna diňe 3 utuk gazanmaga maý berdiler ― diýip, gürrüň berdi.