Tennis boýunça 12 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Merkezi Aziýanyň çempionaty başlandy

16:0005.06.2023
0
35233

Şu gün, 5-nji iýunda 12 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýanyň sebitleýin ýaryşyna badalga berildi.

Olimpiýa şäherçesindäki Tennis sport toplumynda geçirilýän ýaryşyň birinji tapgyrynda Türkmenistanyň gyzlar ýygyndysy gyrgyzystanly tennisçileri 3:0 hasabynda ýeňip, ýaryşa üstünlikli girişdiler. Bu tapgyrda özbegistanly gyzlar hem täjigistanly bäsdeşlerini edil şu hasap bilen ýeňdiler.

Oglanlaryň arasyndaky ýaryşda türkmen ýygyndysy Gyrgyzystanyň ýygyndysyndan 3:0 hasabynda üstün çykdy. Şeýle hem bu tapgyrda Gazagystan Owganystany, Özbegistan bolsa Täjigistany edil şu hasap bilen ýeňdi.

Ýaryşda ikinji tapgyryň duşuşyklary 6-njy iýunda geçiriler. Bu tapgyrda türkmen ýygyndysy Owganystanyň ýygyndysy bilen güýç synanyşar. Bu duşuşyk toplumyň birinji kortundair sagat 9:30-da başlanar.

Şeýle hem şol gün oglanlaryň we gyzlaryň arasynda Gazagystan ― Täjigistan, Gyrgyzystan ― Özbegistan duşuşyklary geçiriler.

12 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty

1-nji tapgyr

Gyzlar:

  • Türkmenistan – Gyrgyzystan – 3:0
  • Täjigistan– Özbegistan – 0:3

Oglanlar:

  • Türkmenistan – Gyrgyzystan – 3:0
  • Gazagystan – Owganystan – 3:0
  • Özbegistan – Täjigistan – 3:0

2-nji tapgyr

Gyzlar:

  • 9:30 / Özbegistan – Gyrgyzystan, ikinji kort
  • 9:30 / Gazagystan – Täjigistan, dördünji kort

Мальчики:

  • 9:30 / Türkmenistan – Owganystan, birinji kort
  • 9:30 / Gazagystan – Täjigistan, üçünji kort
  • 9:30 / Gyrgyzystan – Özbegistan, merkezi kort.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň