Turkmenportal logo
03.06.23
4689446894
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşar
Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň saýlanan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşar. Bu barada «Anadolu» habarlar gullugy habar berýär.


Habarda bellenilişi ýaly, şu gün Ärdogan parlamentde kasam kabul edip, Atatürk mawzoleýine barar. Soňra dünýäniň 80-den gowrak ýurdunyň wekilleriniň gatnaşmagynda wezipä girişmek dabarasy geçiriler.


Dabara tamamlanandan soňra Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň Ministrler Kabinetiniň täze düzümini yglan eder.


Wezipä girişmek dabarasy Aşgabat wagty bilen sagat 16:00-da Türkiýäniň Milli mejlisinde geçiriler.


Belläp geçsek, Ärdogan Prezident saýlawlarynda 28-nji maýda geçirilen ikinji tapgyrda ýeňiji boldy.