“Şagadam” Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym finalyna tarap ilkinji ädimini ätdi

22:5229.08.2015
0
3582

Türkmenbaşynyň “Şagadamynyň” futbolçylary şu gün ilkinji çärýek final duşuşygynda öz meýdanynda Marynyň “Energetigini” 1:0 hasabynda ýeňip, Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym finalyna tarap ilkinji ädimini ätdi.

Iki topar hem bir-biriniň derwezesiniň alkymynda amatly pursatlary az döretmediler. Ýöne oýnuň ykbalyny deňizýaka toparyň iň gowy hüjümçisi Hemra Amanmämmedowyň geçiren ýeke-täk pökgüsi çözdi. 35-nji minutda ol Ata Orazgeldiýewiň sag gyradan geçiren pökgüsine wagtynda ýetişip, takmynan 10 metr aralykdan kellesi bilen urup topy Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýan toparyň derwezesine gönükdirdi.

“Energetigiň” çärýek finala barýan ýolda “Daşogzy” (2:0 — öz meýdanynda, 1:0 — myhmançylykda) we “Köpetdagy” (1:2 — Aşgabatda, 2:0 — Baýramalyda) ýaryşdan çykardy. “Şagadam” bolsa Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşa 1/4 finaldan başlady.

Bu toparlaryň arasyndaky jogap duşuşygy “Energetigiň” meýdanynda 19-njy sentýabrda geçiriler.

12-nji sentýabrda bolsa “Ahal” — “Balkan”, HTTU — “Altyn asyr” we “Hazyna” — “Aşgabat” ilkinji çärýek final duşuşyklaryny geçirerler.

 

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

"Şagadam" – "Energetik" – 1:0 (1:0)

Türkmenistanyň Kubogy — 2015. Çärýek final. Ilkinji duşuşyk.

29-njy awgust. Türkmenbaşy. “Şagadam” stadiony. 200 tomaşaçy.

Pökgini geçiren: Hemra Amanmämmedow 35.

Duýduryş alanlar: Ýunus Orazmämmedow 26, Begenç Guldurdyýew 47, Gahrymanberdi Çonkaýew 68 – Döwlet Seýitmuhammedow 26, Artýom Nikitenko 47, Azim Abaýew 49, Ylýas Minhairow 55.

Emin: Babanazar Haknazarow.

Duşuşygyň inspektory: Mels Işmuhammedow.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň