Ýaponiýada deňiz harasaty sebäpli 50 müň adam göçüriler

10:4801.06.2023
0
13993

Ýaponiýanyň Uwadzima şäheriniň 52,9 müň ýaşaýjysy golaýlap gelýän «Mawar» deňiz harasaty bilen baglylykda ýaşaýan ýerlerini terk etmek barada habarnama aldylar diýip, NHK teleýaýlymyna salgylanýan «Trend» ýazýar.

Ýerli häkimiýetler sebitde suw süýşgünleri we derýalaryň kenarlaryndan agmagy barada duýdurýarlar, «Mawar» harasaty Ýaponiýanyň Ýuwaş umman kenarýakalaryny gyratlap süýşüp gelýär.

Tokiony we beýleki sebitleri hem goşmak bilen güýçli ýagyş ýagýar.

Ýurduň merkezi bölegindäki Toýohasi derýasynyň suwy güýçli çabgalar sebäpli ýokarlandy. Ýerli ýaşaýjylara sil joşgunlarynyň mümkindigi barada duýduryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň