Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýrana iş sapary tamamlandy

23:3031.05.2023
0
30035

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna iş sapary tamamlandy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik Ruhy Lideri Aýatolla Ali Hameneýi bilen duşuşykdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparyny tamamlap, Tähranyň «Mehrabad» Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Aşgabada ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.

Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili bilen söhbetdeşligi boldy.

Ýatlap geçsek, Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýranyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň başlygy Sadek Amoli Larijani, EYR-nyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammed Bager Galibaf, ýurduň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi hem-de Eýranyň Beýik Ruhy Lideri Aýatolla Ali Hameneýi bilen duşuşyklary boldy. Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde Eýranyň «Mapna Group» senagat toplumyna baryp gördi.

Iki ýurduň Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçirilen ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleriniň netijeleri boýunça elektroenergetika, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara, daşary syýasat edaralarynyň, gümrük gulluklarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen maksatnamalara gol çekildi. Dostluk we özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň jemleri Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky kabul edilen Bilelikdäki Jarnamada beýan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň