Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy ÝUNESKO-nyň «Dünýä ýatlamasy» sanawyna girizildi

18:2127.05.2023
0
28645

ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi 2023-nji ýylyň 10 — 24-nji maýy aralygynda Guramanyň baş edarasynda geçirilen 216-njy mejlisinde Halkara baha beriş komitetine tabşyrylan hödürnamalary «Dünýä ýatlamasy» halkara sanawyna girizilmegi üçin teklip edilen çözgüdi tassyklady.

24-nji maýda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi täze dokumental ýygyndylary sanawa girizmek barada biragyzdan karar kabul etdi. Şunuň bilen baglylykda, ÝUNESKO-nyň «Dünýa ýatlamasy» sanawyna 64 sany dokumental ýygyndy girizildi we ýygyndylaryň umumy sany 494-e ýetdi.

Sanawda Türkmenistan tarapyndan hödürlenen Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy hem bar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynda XVIII-XIX asyrlarda Türkmenistanda ýaýran eserleriniň saklanyp galan golýazmalary bar. Munuň özi, türkmen halkynyň we tutuş türki dilli dünýäniň halklarynyň Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň edebiýatynyň dilden we ýazmaça mirasyndan seýrek duş gelýän mysal bolup durýar. Magtymgulynyň goşgulary ynsanperwerligiň, watançylygyň, agzybirligiň we jebisligiň gimni hökmünde köp ýurtda alymlar we şahyrlar üçin gollanma boldy.

Ýygyndy Magtymgulynyň ýakyn garyndaşlary, obadaşlary, şahyrlar, alymlar, şeýle hem halk aýdymçylary — bagşylar tarapyndan göçürilen 80-den gowrak diwandan ybarat. Şahyryň golýazma eserleriniň nusgalary hem bar, häzirki wagtda olar Daşkent, Sankt-Peterburg, London, Budapeşt, Stambul şäherleriniň gaznalarynda saklanýar, olaryň käbiri XVIII asyra degişlidir.

Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ähmiýeti wagtyň we medeniýetiň milli çäklerinden çykyp, tutuşlygyna häzirki we geljek nesillere üçin dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

1992-nji ýylda ÝUNESKO tarapyndan döredilen «Dünýä ýatlamasy» maksatnama dokumental mirasyň — kagyz, audiowizual, sanly ýa-da başga bir görnüşdäki möhüm we dowamly gymmatly resminamalaryň ýygyndysy öwezini dolup bolmajak mirasyň ýitip gitmekden öňüni almagy maksat edinýär. Maksatnama bu mirasy gorap saklamaga we ony halk köpçüligine has elýeterli etmäge gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň