Arhiw

Türkmenistanda Bütindünýä welosiped gününe taýýarlyk görülýär

11:0627.05.2023
0
33221

3-nji iýunda Türkmenistanda, däp bolşy ýaly, köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirmek bilen, Bütindünýä welosiped güni belleniler.

26-njy maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow bu halkara baýram mynasybetli ýurtda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri hem-de bedenterbiýe-sport çärelerini geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda döredilen Bütindünýä welosiped güni ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, şeýle hem bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz etmäge uly mümkinçilikleri açýar.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ekologik taýdan arassa sport görnüşi hökmünde welosiped sportunyň tutuş dünýäde, aýratyn-da, Türkmenistanda meşhurlygynyň barha artýandygyny belläp, meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Belläp geçsek, Bütindünýä welosiped güni Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylyň aprel aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň