Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Haýwanlaryň Saglygyny Goramak Boýunça Bütindünýä Guramasynyň mejlisine gatnaşdy

20:2125.05.2023
0
22159

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň wekilleri 21—25-nji maý aralygynda Parižde geçirilen Haýwanlaryň Saglygyny Goramak Boýunça Bütindünýä Guramasynyň 90-njy ýyllyk Umumy mejlisine gatnaşdy.

Şeýle hem foruma Haýwanlaryň Saglygyny Goramak Boýunça Bütindünýä Guramasynyň agzalygyna girýän 182 ýurduň wekilleri we halkara guramalaryň hünärmenleri gatnaşdylar.

Umumy mejlisde haýwan keselleri boýunça dünýädäki epizootik ýagdaýlar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ýabany haýwanat dünýäsini goramaga aýratyn üns berildi.

Duşuşykda administratiw we tehniki kararnamalar kabul edildi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan habar berildi.

Ýeri gelende bellesek, Haýwanlaryň Saglygyny Goramak Boýunça Bütindünýä Guramasy 1920-nji ýylda Belgiýada iri şahly mallarda mergi keseliniň ýüze çykmagyndan soň 1924-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Parižde döredildi. Ol 2003-nji ýyla çenli Halkara Epizootik Býurosy diýlip atlandyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň