Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 82 müňe golaý okuwçy orta mekdebi tamamlaýar

13:1425.05.2023
0
40375

Şu gün Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabaralary geçirilýär. Ýurduň ähli künjeklerinde ýaş oglan-gyzlaryň on müňlerçesiniň durmuşyndaky ýatdan çykmajak waka — okuw ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyrylýar.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, şu ýyl Aşgabat boýunça 2022-2023-nji okuw ýylynda 9 müň 876, Ahal welaýaty boýunça 10 müň 271, Balkan welaýaty boýunça 7 müň 132, Daşoguz welaýaty boýunça 17 müň 342, Lebap welaýaty boýunça 19 müň 295, Mary welaýaty boýunça 17 müň 966 okuwçy orta mekdebi tamamlaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň