Top.Mail.Ru

Türkmenistan Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberini artdyrýar, Gazagystan türkmen-owgan serhedinde galla terminalynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýär we beýleki habarlar

10:4724.05.2023
0
31656

Türkmenistanda

1. Türkmenistan Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberini artdyrdy. Şu ýylyň mart aýynda Hytaýa mawy ýangyjyň eksporty 2,9 milliard kub metre ýetdi. Häzirki wagtda ýurtlaryň arasynda gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny gurmak barada ylalaşyk gazanyldy, bu bolsa tebigy gazyň iberilýän möçberini ýylda 65 milliard kub metre ýetirmäge mümkinçilik döreder. Geçen ýylyň netijeleri boýunça Türkmenistan Hytaýa 34 milliard kub metr tebigy gaz ýerledi.

2. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy 1-nji iýunda bellenilýän Halkara çagalar gününe işjeň taýýarlyk görýär. Şol gün Döwletliler köşgünde terbiýelenýän okuwçylara we mekdep uçurymlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.

3. Gazagystan türkmen-owgan serhedinde galla terminalynyň taslamasynyň tizden-tiz durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýär. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň premýer-minsitriniň birinji orunbasary Roman Sklýar Hökümetara türkmen-gazak toparynyň 12-nji mejlisinde belläp geçdi. Mejlisiň çäklerinde taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we energetika, ulag we logistika, oba hojalygy pudaklary boýunça birnäçe ylalaşyklary gazandylar. Türkmenistanyň bazarynyň Gazagystanyň gaýtadan işlenen önümleriniň eksporty üçin uly mümkinçilikleri açýandygy bellenildi. Ulag-üstaşyr pudagy hem iki ýurt üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.

4. Türkmenbaşy şäherindäki Çagalar sungat mekdebiniň bäşinji synp okuwçysy Söýün Orazdurdyýew Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen halkara çagalar muham festiwalynda birinji orna mynasyp boldy. Döredijilik bäsleşigine ýedi ýurduň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistana milli ýerine ýetirijilik sungatynyň däplerini dowam etdirijiler bolan üç sany ýaş dutarçy wekilçilik etdi.

5. Buharestde Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy. Döredijilik çäresiniň maksatnamasyna halkara maslahaty, konsert, şekillendiriş, bezeg-amaly haşam we fotosurat sungatynyň sergilerini, şygryýet agşamyny, Magtymgulynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan «Istärin» atly filmiň görkezilişi girizildi. Şeýle hem rumyniýaly dostlar özboluşly türkmen aşhanasynyň tagamlary bilen tanşyp bilerler.

6. Halkara Çagalar güni mynasybetli «Agama» alpinizm kluby Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Çagalar gaznasy bilen bilelikde Gaýa festiwaly gurnaýar we alpinizmde güýjüni synamak isleýänleriň ählisini oňa gatnaşmaga çagyrýar. Festiwal 4-nji iýunda ýerli wagt bilen ir sagat 10-dan sagat 14-e çenli Aşgabat şäherindäki Älem medeni-dynç alyş merkezinde geçiriler. Gatnaşmak üçin 5 ýaşdan 13 ýaş aralygyndaky çagalar çagyrylýar. Festiwalyň maksatnamasy täze başlanlar üçin gaýa dyrmyşmagyň esaslary boýunça sapaklary öz içine alýar, has tejribeliler üçin bolsa öz başarnyklaryny görkezmäge mümkinçilik döredilýär.

Dünýäde

7. Hytaýyň Döwlet ösüş banky 10 milliard ýuan möçberinde ýörite karz bölüp bermek arkaly Merkezi Aziýa ýurtlaryna maliýe goldawyny güýçlendirýär. Bu serişdeler Merkezi Aziýada Hytaý bilen bilelikdäki ykdysadyýet we söwda, maýa goýum, ulag, oba hojalygy, energetika we çeşmeler pudaklaryndaky hem-de infrastruktura taslamalary goldamaga niýetlenendir. Merkezi Aziýa Bankyň halkara amallaryny amala aşyryp başlan ilkinji sebitleriniň biridir.

8. Dünýäniň iň beýik nokadynyň çäklerinde – Ewerest dagynda deňiz derejesinden, takmynan, 4 müň metr belentlikde «gimalaýazawr» diýlip atlandyrylýan iki sany gadymy deňiz ýyrtyjysynyň galyndylary tapyldy. Galyndylardan çen tutsak, ýyrtyjylaryň uzynlygy 10 metr töweregi bolupdyr, olaryň uzyn agzy we ýiti dişleri bolupdyr. Olar, esasan, balyk we oňurgasyzlar bilen iýmitlenipdiler. Takmynan, 215-212 million ýyl mundan öň tektoniki plitalaryň hereketleri netijesinde, gimalaýazawrlaryň galyndylary ummanyň düýbünden ýokary galdyrylyp, Gimalaý dag ulgamynyň bir bölegine öwrülipdir.

Sport habarlary

9. Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 8-nji tapgyrynda «Köpetdag» «Nebiçiden» üstün çykdy. Sişenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň 1: 0 hasabynda ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Baýramgeldi Gulmaýew duşuşygyň 76-njy minutynda tapawutlanyp, ýeke-täk goluň awtory boldy. «Köpetdag» 14 utuk toplap, çempionatyň sanawynda üçünji orunda barýar. Balkanabatly topar 4-nji orunda galmagyny dowam edýär. Indiki tapgyrda «Nebiçi» öz meýdançasynda «Merwi» kabul eder, «Köpetdag» bolsa myhmançylykda «Aşgabat» bilen duşuşar. Iki duşuşyk hem 30-njy maýda geçiriler.

10. Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy 2024-nji ýylda geçiriljek Aziýanyň Kubogynyň saýlama tapgyrynyň bije çekişliginde birinji sebetde bolar. Türkmenistandan başga-da, birinji sebede Ýaponiýanyň, Awstraliýanyň, Yragyň we BAE-niň toparlary düşdüler. Bije çekişligiň netijelerine görä, 44 ýygyndy 11 toparça bölüner. Toparçalaryň ýeňijileri, şeýle hem ikiji orun alan iň güýçli dört ýygyndy 2024-nji ýylda Katarda geçiriljek Aziýanyň Kubogynyň jemleýji tapgyryna gatnaşarlar. Kataryň milli ýygyndysy ýer eýesi hökmünde ýaryşyň jemleýji tapgyryna gönüden-göni çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň