Soňky habarlar

Arhiw

Rumyniýada Türkmenistanyň medeniýet günleri açyldy

17:4323.05.2023
0
49002

Ozal habar berşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň 22 — 26-njy maýynda Buharest we Konstansa şäherlerinde Türkmenistanyň medeniýet günleri geçirilýär. Türkmenistanyň medeniýet günlerine gatnaşmak üçin Rumyniýa Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň wekillerinden, sungat işgärlerinden, alym-professorlardan, şeýle-de habarçylardan düzülen topar geldi.

22-nji maýda Buharestde Türkmenistanyň Rumyniýadaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara Rumyniýanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, ylym we sungat işgärleri, bu ýurtda akkreditirlenen diplomatik edaralaryň, Türkmen-rumyn parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de dostlukly ýurduň paýtagtynda okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Bu döredijilik çäresi türkmen akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 2024-nji ýylda 300 ýyllygyny halkara derejede dabaraly bellemek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Kararynyň çäklerinde geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň medeniýet günleriniň maksatnamasyna eserleri dünýä edebiýatynyň altyn gaznasyna goşulan beýik türkmen şahyrynyň hem-de akyldarynyň döredijiligine bagyşlanan halkara maslahat, sergi, poeziýa agşamy, «Istärin» filminiň görkezilişi girizildi. Şeýle-de türkmen çeper we amaly-haşam sungaty, özboluşly milli tagamlary hem egin-eşikleri, türkmen halkynyň aýdym-saz döredijiligi bilen tanyşmaga mümkinçilik dörediler.

Medeniýet günleriň açylyş dabarasynyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň we Rumyniýanyň medeniýet ministrleriniň orunbasarlary, Türkmen-rumyn parlamentara dostluk toparynyň rumyn tarapyndan ýolbaşçysy, şeýle hem diplomatlar, alymlar, iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleri çykyş etdiler hem-de beýik şahyryň edebi we filosofiki mirasynyň dünýä nusgawy edebiýatyna eden goşandyny we ähmiýetini bellediler.

Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň abadançylygyna gönükdirilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli giňeltmäge hem mümkinçilik berýändigi nygtaldy.

Açylyş dabarasynyň çäklerinde türkmen sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Konserte milli saz sungatynyň eserleri, folklor sahnalar, Magtymgulynyň goşgularyna döredilen aýdymlar girizildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň