«Agama» alpinistçilik kluby Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Çagalar gaznasy bilen bilelikde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli 2023-nji ýylyň 4-nji iýunynda körpeler üçin belentlige dyrmaşmak boýunça festiwal geçirýär. Bu çärä isleg bildirýän çagalaryň her biri gatnaşyp, alpinizmde öz başarnyklaryny synap biler.
Festiwal Aşgabat şäherindäki «Älem» medeni-dynç alyş merkezinde sagat 10:00-dan 14:00 aralygynda bolar. Oňa gatnaşmaga 5 — 13 ýaş aralygyndaky çagalar çagyrylýar. Festiwalyň maksatnamasy bu ugra gyzyklanma bildirýän ýaş höwesjeňler üçin belentlige dyrmaşmagyň esaslary boýunça sapaklary öz içine alýar, has taýýarlykly ýaşlar üçin bolsa bu ýerde öz başarnyklaryny görkezmäge mümkinçilik döredilýär.
Emeli daga çykmak, diwara dyrmaşmak diňe ätiýaçlandyryş kemerleri bilen amala aşyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak üçin çaganyň dogluş şahadatnamasynyň nusgasyny görkezmeli, şeýle hem arassa aýakgap we sport eşiginde bolmak zerurdyr. Ýeňijilere we beýleki gatnaşyjylara çäräniň guramaçylary tarapyndan şahadatnamalar gowşurylar.
Festiwalyň geçirilýän ýerine — «Älem» medeni-dynç alyş merkezine 20, 55, 57 we 60 belgili awtobuslarda barmak mümkindir. Festiwala gatnaşmak üçin deslapdan ýazylmak üçin (+993 65) 81 13 55 telefon belgisi arkaly habarlaşmak bolýar.