Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň DIM-niň orunbasary gruziýaly diplomat bilen duşuşdy

20:2022.05.2023
0
29585
Türkmenistanyň DIM-niň orunbasary gruziýaly diplomat bilen duşuşdy
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa iş sapary bilen Aşgabada gelen Gruziýanyň Parlamentiniň Türkmenistanyň Mejlisi bilen Dostluk toparynyň başlygy Dawid Matikaşwili bilen gepleşikleri geçirdi.

Ministrligiň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda duşuşyklary guramak tejribesini dowam etdirmegiň ähmiýeti beýan edildi.

Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynda möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny mälim etdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Gruziýanyň parlamentlerinde Parlamentara dostluk toparlarynyň hereket edýändigi bellenildi.

Türkmen diplomaty Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara topary we iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler ýaly bar bolan gurallaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň möhümdigini nygtady. Şu nukdaýnazardan, geçen ýyl gol çekilen 2023-2024-nji ýyllar üçin iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky Maksatnama netijeli özara gatnaşyklar üçin esas bolup durýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Gruziýanyň abraýly halkara guramalarynyň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň