Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2023: 8-nji aýlawyň duşuşyklary geçiriler

22:0022.05.2023
0
27037

Ertir Aşgabat, Mary we Türkmenbaşy şäherinde Ýokary liganyň 8-nji tapgyrynyň duşuşyklaryna badalga berler. Bu tapgyryň birinji aýlawyň jemleýji tapgyry boljakdygyny ýatladýarys.

Tapgyr ertir «Aşgabat» stadionynda geçiriljek «Köpetdag» ― «Nebitçi» duşuşygy bilen başlanar.

24-nji maýdaky Mary derbisinde «Merw» «Energetigi» kabul eder. Şol gün geçiriljek «Altyn asyr» ― «Arkadag» duşuşygy diňe bir tapgyryň däl, tutuş aýlawyň esasy oýny bolar. Şeýle hem şol gün Türkmenbaşy şäherinde «Şagadam» «Aşgabady» kabul eder.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy duşuşyklaryň geçiriljek ýeri, başlanjak wagtlary we eminleri barada aşakdaky maglumatlary berýär:

23.05.2023 ý. (sişenbe)

“Köpetdag” – “Nebitçi”

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 17:30

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: N.Garajaýew (Aşgabat ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: H.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

24.05.2023 ý. (çarşenbe)

“Merw” – “Energetik”

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy ” stadiony (Mary ş.)

Başlanýan wagty: 16:00

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: R.Ereşow (Türkmenabat ş.)

Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)

“Altyn Asyr” – “Arkadag”

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Aşgabat ş.; Büzmeýin etr.)

Başlanýan wagty: 17:45

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: E.Annamyradow (Balkanabat ş.), A.Jumaýew (Mary ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Gulmuhamedi (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: R.Japarow (Aşgabat ş.)

“Şagadam” – “Aşgabat”

Geçirilýän ýeri: «Şagadam» stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Başlanýan wagty: 17:30

Duşuşygyň emini: B.Atdyýew (Tejen ş.)

Kömekçi eminler: I.Kurambaýew (Daşoguz ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Mary ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň