Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşar

19:2417.05.2023
0
22449

18-19-njy maýda Hytaýyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammiti geçiriler. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça bu ýokary derejeli duşuşyga Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Mälim bolşy ýaly, 13-nji maýda Türkmenistana sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Ma Çžaosýuý Serdar Berdimuhamedowa HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň 18-19-njy maýda geçiriljek «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmaga iberen çakylygyny gowşurypdy. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow bu sammite gatnaşmak üçin Hytaýa gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşylýandygy aýdyldy.

Hytaýyň resmi habar beriş serişdeleri Şensi welaýatynyň edara ediş merkezi bolan Sian şäherinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň başlyklygynda geçiriljek ýokary derejeli duşuşyga Merkezi Aziýa döwletleriniň bäşisiniň Liderleriniň gatnaşjakdygyny mälim edýär. Sammitiň dowamynda Hytaý bilen sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, döwletara derejede hereket edýän mehanizmleriň ösüşi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Duşuşygyň jemleri boýunça bilelikdäki möhüm syýasy resminama gol çekiler.

«Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine köptaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga mümkinçilik hökmünde garalýar. Ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyndan bäri geçen 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu ugurdaky özara hereketlerde anyk netijeler gazanyldy. Diňe 2022-nji ýylda Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi 70 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Şu ýylyň mart aýyndaky ýagdaýa görä, Hytaýyň bu sebitiň ýurtlaryna goýan göni maýa goýumlarynyň möçberi 15 milliard amerikan dollaryndan geçdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň