Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ilçisi Minskde Belarusuň sport we syýahatçylyk ministri Sergeý Kowalçuk bilen duşuşdy

23:5414.05.2023
0
59223

Şu gün Belarus tarapynyň başlangyjy bilen Minskde Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew ýurduň sport we syýahatçylyk ministri Sergeý Kowalçuk bilen duşuşdy. Duşuşyk Belarus Respublikasynyň Sport we Syýahatçylyk ministrliginiň binasynda geçirildi.

Duşuşykda sport we syýahatçylyk pudagynda ikitaraplaýyn türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ösüşiniň geljegi, şeýle hem köptaraplaýyn tertipde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada giňişleýin pikir alşyldy.

Taraplar sport pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde, şeýle hem syýahatçylyk pudagynda aragatnaşygyň depginini ýokarlandyrmakda özara gatnaşyklary dowam etdirmek isleýändiklerini mälim etdiler.

Duşuşykda esasy mowzuklaryň hatarynda 2023-nji ýylyň awgust aýynda Belarus Respublikasy tarapyndan geçiriljek GDA ýurtlarynyň II oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň gatnaşmagy hem ara alyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň