Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2023: 6-njy tapgyrda «Aşgabat» «Ahaldan» üstün çykdy

23:0512.05.2023
0
15434

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyrynda «Aşgabat» «Ahaldan» üstün çykdy. Paýtagtyň adybir topary 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Şeýlelikde, «Ahal» şu möwsümde bäşinji gezek ýeňildi. 3 utukly topar «Energetik» we «Şagadam» bilen ýaryş tertibiniň 7 ― 9-njy basgançaklaryny paýlaşýar.

Türkmenistanyň çempionatyndaky indiki duşuşyklar 17-nji maýda geçiriler. Şol gün «Ahal» myhmançylykda «Nebitçi» bilen oýnar, «Aşgabat» bolsa «Altyn asyry» kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň