Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen bagşysy Özbegistanda geçirilen festiwalda ýeňiji boldy

17:3710.05.2023
0
115231
Türkmen bagşysy Özbegistanda geçirilen festiwalda ýeňiji boldy
Surat: sputnik.uz

Özbegistanyň Gülüstan şäherinde III Halkara bagşyçylyk festiwaly geçirildi. Oňa Türkmenistandan gatnaşan bagşy Garýagdy Saryýew festiwalyň jemleri boýunça birinji orna mynasyp boldy diýip, «Sputnik.uz» habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, festiwalyň ýeňijileriniň hemmesine pul baýraklary gowşuryldy. Festiwalyň baş baýragyna mynasyp bolan özbegistanly bagşy Ilhom Norowa 7 müň dollar baýrak gowşuryldy.

Türkmenistandan Garýagdy Saryýew, Gyrgyzystandan Risbaý Isakow, Russiýadan Samdam Aris we Özbegistandan Salamat Aýapow dagylar birinji ýeri eýelediler. Olaryň her biri 2,5 müň dollar baýraga mynasyp boldy.

Ikinji ýeri bolgariýaly Dmitrow Heroslaw, hindistanly Kamal Sarwar, gruziýaly Kawkaradze Nugzar, özbegistanly Rasulbek Abdurahmanow eýeledi. Olaryň her biri 1750 dollar baýrak aldy.

Günorta Koreýadan Şi Ja Sun, Mongoliýadan Erdane Waýusun, Gazagystandan Serik Jaksikulow we Özbegistandan Dilmurod Gulmurodow üçünji ýeri eýeledi. Olaryň hersine 1250 dollar baýrak berildi.

Festiwala dünýä ýurtlarynyň 40-dan gowragyndan bolan bagşylar gatnaşdylar. Döredijilik bäsleşiginde jemi 64 — 10 ýerli we 54 daşary ýurtly bagşy bäsleşdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň