Soňky habarlar

Arhiw

«Coddy» programmirleme mekdebi «Roblox Studio» arkaly oýun işläp düzmek boýunça ussatlyk sapagyna çagyrýar

15:3409.05.2023
0
38030

«Coddy» çagalaryň halkara programmirleme mekdebi mekdep okuwçylaryny «Roblox-da şahsy ýeriň we Biomanyň generasiýasy» diýen tema boýunça geçirilýän ussatlyk sapagyna gatnaşmaga çagyrýar.

Ussatlyk sapagynyň barşynda çagalar özbaşdak üç ölçegli kompýuter oýunlaryny işläp düzmäge mümkinçilik berýän «Roblox Studio» klassplatformaly hereketlendiriji bilen tanşarlar hem-de onuň esasynda özleriçe oýun işläp düzmäge synanyşarlar.

Peýzažlar, ösümlikler, haýwanlar, töwerekdäki gahrymanlar, şeýle hem gyzykly interýerler we daşymyzy gurşap alýan dürli zatlar islendik häzirki zaman 3D kompýuter oýnunyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu aýratynlyklar oýny has gyzykly edýär we real görnüşe getirýär, bu oýnaýjy üçin uzak wagtlap oýun oýnamaga, gyzyklanmany ýitirmezlige mümkinçilik berýär. Häzirki zaman 3D oýunlarynda daşky gurşawy döretmek bir bölegi ýer we bioma generasiýasy bolan prosedura generasiýasynyň kömegi bilen amala aşyrylýar.

Mundan başga-da, ussatlyk sapagyna gatnaşyjylar ýokary derejeli «LUA» programma dili bilen tanyş bolarlar.

Mundan başga-da, ussatlyk sapagynyň çäklerinde myhmanlar «Coddy» taslamasy we programmirleme mekdebinde okamagyň şertleri bilen tanyşarlar. Sapagyň spikeri Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky inženerçilik we tehnologiýalar uniwersitetiniň uçurymy, «Coddy» programmirleme mekdebiniň mugallymy Ýakup Mätiýew bolar.

Ussatlyk sapagy 19-njy maýda sagat 19:00-dan 20:30-a çenli şu salgyda geçiriler: Aşgabat ş., «Berkarar» işewürlik merkezi, 1-nji gat, «Iş nokady» kompaniýasynyň ofisi.

Gatnaşmagyň tölegi 50 manat. Sapaklara 7 ýaşdan 14 ýaşa çenli okuwçylar çagyrylýar.

Gatnaşyjy orunlarynyň sany çäkli bolup, şol sebäpden hem gatnaşmaga deslapdan ýazylmak üçin şu salgylanma ýa-da görkezilen telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz: (+993 63) 42 67 51, (+993 63) 47 11 92.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň