«ITEA» programmirlemek we grafiki dizaýn sapaklaryna çagyrýar

10:4808.05.2023
0
29049

«ITEA» Halkara IT-akademiýasy aşakdaky ugurlar boýunça diňleýjileriň kabul edilýändigini yglan edýär:

  • programmirlemegiň esaslary;
  • «Python» dilinde programmirlemek;
  • grafiki dizaýnyň esaslary.

Programmirleme boýunça sapaklarda bu ylmyň binýatlyk esaslary we programma üpjünçiligini döretmegiň ýörelgeleri bilen tanyşdyrylýar. Okuwçylar algoritmleri düzmegi, meseleleri seljermegi, üýtgeýän ululyklar, funksiýalar, wakalar, bir ölçegli we iki ölçegli maglumat toplumlary bilen işlemegi öwrenip bilerler.

«Python» internet-programmalaryny döretmek, programma üpjünçiligini işläp düzmek, maşyn bilimi we maglumatlary seljermek üçin programmirlemegiň uniwersal dili hasaplanýar. Ol «iOS» we «Android» platformalary bilen, şeýle hem serwer operasion ulgamlary bilen utgaşýar. «ITEA-daky» sapaklarda okuwçylar diliň esaslary bilen tanyşarlar we onda özbaşdak kod ýazmagy öwrenerler.

Grafiki dizaýn boýunça sapaklaryň esasynda okuwçylar reňk teoriýasy we olary dogry utgaşdyrmak, tekstler, tipografika, kompozisiýa bilen işlemek, nyşanlary we kärhana stilini döretmek ýaly ugurlarda bilim hem-de tälim alarlar. Şunda suratkeşlik ukyplarynyň bolmagy asla talap edilmeýär.

Okuwlara ýazylmak şu salgy we telefon belgileri arkaly amala aşyrylýar: (+993 63) 47 11 92 we (+993 63) 42 67 51.

«ITEA» Halkara IT-akademiýasynda okuwlar maý aýynyň ahyrynda başlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň