Soňky habarlar

Arhiw

Putin Serdar Berdimuhamedowy Ýeňiş gününiň dabaralaryna çagyrdy

22:1507.05.2023
0
38100

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow enesi, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň käbesi Ogulabat ejäniň aradan çykmagy zerarly iberen gynanç hatlary üçin dostlukly döwletiň ýolbaşçylaryna minnetdarlygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti döwletara hyzmatdaşlygy babatdaky mesele barada aýdyp, türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň giň gerimli ugurlar boýunça ösdürilýändigini aýratyn nygtady.

— 2022-nji ýylyň dowamynda, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşlerde-de duşuşyklaryň altysynyň geçirilendigi bellärliklidir — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmen döwletiniň Baştutany geçen ýylyň iýun aýynda Russiýa Federasiýasyna bolan ilkinji resmi saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şol saparyň barşynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky Jarnama gol çekildi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putine köptaraplaýyn türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga goşýan uly goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Wladimir Putin hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, gol çekilen Jarnamanyň hem-de bilelikdäki işleriň tutuş toplumynyň ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow parlamentara gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendigini nygtap, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň noýabr aýynda Moskwa, şeýle-de Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygynyň şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabada amala aşyran saparlarynyň ähmiýetini belledi.

Şeýle-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça durmuşa geçirilýän netijeli hyzmatdaşlyk barada nygtaldy.

Söhbetdeşligiň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy Ýeňiş gazanylmagynyň umumy taryhy hakydada aýratyn orun eýeleýändigini nygtady. Russiýada bolşy ýaly, Türkmenistanda-da Ýeňiş gazanmak ugrunda söweşenler hem-de şol ýowuz ýyllarda tylda jan aýaman zähmet çekenler baradaky hakyda mukaddes sarpa goýulýandygy bellenildi.

— Biz Ýeňiş üçin janlaryny gurban edenlere çuňňur hormat goýýarys hem-de aramyzda ýaşap ýören uruş weteranlary alada bilen gurşalýar. Geljekde-de bu baradaky meselä uly üns berler — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Wladimir Putin Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň ýakynlaşyp gelýän 78 ýyllygy bilen birek-biregi mähirli gutlap, iki ýurduň halklaryna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny aýtdylar.

Pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Baştutany türkmen kärdeşini Ýeňşiň 78 ýyllygyny baýram etmäge bagyşlanyp, Moskwada geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow çakylyk üçin rus kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Wladimir Putin iki ýurduň hemmetaraplaýyn köpugurly hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklap, Türkmenistanyň we Russiýanyň dostlukly halklaryna ýene-de bir gezek abadançylyk we rowaçlyk baradaky hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň