Türkmenistanyň dzýudo ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşýar

09:0007.05.2023
0
15032

Şu gün Katarda dzýudo boýunça 36-njy dünýä çempionatyna badalga berildi.

Ýaryşa 99 döwletden 600-den gowrak türgen gatnaşýar. Şol sanda, olaryň 8-si Türkmenistanyň wekilleridir.

Dünýä çempionatynda Türkmenistanyň erkekl ýygyndysyna Aýbek Omirow, Hakberdi Jumaýew (ikisi hem 60 kilograma çenli agram derejesinde), Serdar Rahymow, Hekim Agamämmedow (ikisi hem 66 kilograma çenli agram derejesinde) dagylar, zenanlar ýygyndysyna bolsa Aksoltan Hojageldiýewa (48 kilograma çenli), Saýýara Rozyýewa (52 kilograma çenli), Maýsa Pardaýewa (57 kilograma çenli) we Zülhumar Daşgynowa (63 kilograma çenli) dagylar wekilçilik edýär.

Çempionat 14-nji maýa çenli dowam eder. Şu gün, 7-nji maýda erkekleriň arasynda 60, zenanlaryň arasynda bolsa 48 kilograma çenli agram derejesindäki ýaryşlara badalga berler.

Ýaryşyň baýrak gaznasy 998 müň dollara ýetýär. Çempionlar 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň