Soňky habarlar

Arhiw

Janni Infantino türkmen bedewleriniň çykyşlaryna tomaşa etdi

20:0704.05.2023
0
45219
Janni Infantino türkmen bedewleriniň çykyşlaryna tomaşa etdi
Surat: Turkmenportal

Ozal habar berşimiz ýaly, Halkara Futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino şu gün Türkmenistana iş sapary bilen geldi.

Halkara Futbol federasiýasynyň prezidenti saparynyň dowamynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy. Bu ýerde myhman «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdi. Çykyşlar tamamlanandan soňra Federasiýanyň ýolbaşçysy ahalteke bedewine atlanyp, sirkiň manežinde gezim etdi we toparyň agzalary bilen ýadygärlik surata düşdi.

Halkara Futbol federasiýasynyň prezidentine Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň iňlis dilindäki nusgasy sowgat berildi. Şeýle hem hormatly myhmana türkmen milli dony we telpegi geýdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň