«Iş Nokady» Marynyň ýaşaýjylaryny «XXI asyrda işewürlik we IT-bilimi» atly işewürlik maslahatyna çagyrýar

15:0304.05.2023
0
40968

Ozal habar berlişi ýaly, 13-nji we 14-nji maýda Maryda «Iş Nokady» kompaniýasynyň Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi we «Algoritm» okuw merkezi bilen bilelikde gurnamagynda «XXI asyrda işewürlik we IT-bilimi» atly ilkinji işewürlik maslahaty geçiriler.

Forumyň birinji gününde «Iş Nokady» kompaniýasynyň aşakdaky taslamalarynyň tanyşdyrylyşy bolar:

  • ITEA Halkara IT-akademiýasy;
  • «Coddy» çagalar we ýetginjekler üçin halkara programmirleme mekdebi;
  • «City Business School» halkara işewürlik mekdebi;
  • Moskwanyň halkara uniwersiteti (resmi wekili – «Iş Nokady» kompaniýasy);
  • «Royal British School» çagalar üçin halkara lingwistika mekdebi.

Şeýle hem «Marketing we Satuwlar», «Işgärleri dolandyrmak we höweslendirmek», «Häzirki zaman IT-tehnologiýalary» we «Işewürlikde hukukşynaslyk» ýaly mowzuklar boýunça tegelek stollar geçiriler.

Maslahatda öz ugurlarynda köp ýyllyk tejribesi bolan hünärmenler çykyş ederler we foruma gatnaşyjylaryň soraglaryna jogap bererler.

Forumyň birinji gününiň duşuşyklarynyň geçiriljek salgysy: Mary ş., Aga Hanjaýew köç., 15-nji «A» bina, «Algoritm» okuw merkezi. Foruma gatnaşmak mugt.

Forumyň ikinji güni IT-tehnologiýalary pudagyna bagyşlanar. Gatnaşanlar üçin «Minecraft: emeli aňa giriş» hem-de «Python» diliniň mysalynda programmirlemegiň esaslary we hususy ykjam programmalaryňyzy işläp düzmek» mowzuklary boýunça ussatlyk sapaklary geçiriler.

Sapaklary Halkara IT-akademiýasynyň, «Coddy» çagalar üçin programmirleme mekdebiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň hünärmenleri geçerler.

«XXI asyrda işewürlik we IT-bilimi» forumynyň birinji gününiň hem, ikinji gününiň hem mowzuklary telekeçiler we hususy işewürler, iş dolandyryjylar, şeýle hem IT-tehnologiýalary ulgamy boýunça bilim derejesini ýokarlandyrmak isleýänler hem-de bu mowzuk bilen gyzyklanýan çagalaryň we ýetginjekleriň ene-atalary üçin peýdaly bolar.

Forumyň ikinji gününiň duşuşyklarynyň geçiriljek salgysy: Mary ş., Aga Hanjaýew köç., 15-nji «A» bina, «Algoritm» okuw merkezi. Giriş mugt.

Gatnaşmak üçin ýüztutmalar şu salgy, şeýle hem (+993 63) 41 51 78 telefon belgisi boýunça kabul edilýär.

«Turkmenportal» saýtynda deslapky bildiriş ýerleşdirilmezden öň iberilen hasaba alynmak üçin ýüztutmalar hakyky diýlip kabul edilýär we gaýtadan hasaba alynmagy talap etmeýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň