Soňky habarlar

Arhiw

«Iş Nokady» kompaniýasy Maryda «XXI asyrda işewürlik we IT-bilimi» atly işewürlik maslahatyny geçirer

11:2227.04.2023
0
30182

«Iş Nokady» kompaniýasy Mary şäheriniň telekeçilerini we ýolbaşçylaryny 13-nji we 14-nji maýda geçiriljek «XXI asyrda işewürlik we IT-bilimi» mowzugy boýunça ilkinji iri işewürlik forumyna gatnaşmaga çagyrýar.

Çäräniň çäklerinde foruma gatnaşyjylar «Iş Nokady» kompaniýasynyň ähli taslamalary bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar, olaryň hatarynda – ITEA Halkara IT-akademiýasy, «Coddy» çagalar üçin programmirleme mekdebi we beýlekiler bar.

Forumyň birinji gününde, 13-nji maýda «Marketing», «Işgärleri dolandyrmak», «Häzirki zaman IT-tehnologiýalary» ýaly mowzuklar ara alnyp maslahatlaşylar, şeýle hem Moskwanyň halkara uniwersitetine kabul edilmek meseleleri boýunça maslahat beriş çäresi geçiriler. Forumyň ilkinji gününiň mowzuklary telekeçileri, hususy işewürleri we dolandyryş ulgamynyň wekilleri üçin gyzykly bolar.

Forumyň indiki güni IT-tehnologiýalary pudagyna bagyşlanar: ITEA Halkara IT-akademiýasynyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda «Minecraft: emeli aňa giriş» hem-de «Python» diliniň mysalynda programmirlemegiň esaslary we hususy ykjam programmalaryňyzy işläp düzmek» mowzuklary boýunça ussatlyk sapaklary geçiriler. Ussatlyk sapaklary hususy işewürler, iş dolandyryjylar, telekeçiler, kompaniýalaryň direktorlary, şeýle hem IT-tehnologiýalary ulgamy boýunça bilim derejesini ýokarlandyrmak isleýänler hem-de bu mowzuk bilen gyzyklanýan çagalaryň we ýetginjekleriň ene-atalary üçin peýdaly bolar.

Şeýle hem 14-nji maýda geçiriljek forumyň çäklerinde «SMM-konsepsiýasy. Işewürligiňiz üçin gaýtadan başlamak» mowzugyna bagyşlanan işewürlik ertirligi geçiriler, oňa gatnaşmak üçin telekeçiler we hususy işewürler, internet-marketing we SMM pudagy boýunça hünärmenler çagyrylýar.

Foruma gatnaşyjylary hasaba almak başlandy, şahsy maglumatlaryňyzy salgy boýunça ýa-da (+993 63) 48 53 80 telefon belgisi arkaly goýup bilersiňiz.

Ýakyn wagtda «Iş Nokady» kompaniýasy tarapyndan Maryda geçiriljek işewürlik forumynyň ýeri we wagty barada ähli maglumatlar ýerleşdiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň