Soňky habarlar

Arhiw

Dzýudo boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň Katarda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşjak düzümi belli boldy

22:4903.05.2023
0
53971

Türkmenistanly dzýudoçylaryň 8-si Dzýudo boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak türgenleriň hataryndan orun aldy. Bu barada Halkara dzýudo federasiýasynyň saýtynda mälim edildi.

Türkmen türgenleri Dohadaky dünýä birinjiliginde bäş agram boýunça çykyş ederler. Türkmenistanyň erkekler toparynyň düzüminde Aýbek Ömürow, Hakberdi Jumaýew (ikisi hem 60 kilograma çenli agram derejede), Serdar Rahymow we Hekim Agamämmedow (ikisi hem 66 kilograma çenli agram derejede) ýaryşa gatnaşar. Zenanlaryň arasynda bolsa Aksoltan Hojageldiýewa (48 kilograma çenli agram derejede), Saýara Rozyýewa (52 kilograma çenli agram derejede), Maýsa Perdäýewa (57 kilograma çenli agram derejede) hem-de Zulhumar Daşgynowa (63 kilograma çenli agram derejede) Türkmenistana wekilçilik eder.
Katardaky dünýä çempionaty 7-nji maýda badalga alar.

Ýeri gelende bellesek, turnirde dünýäniň bäş yklymyndan bolan 99 döwletden türgenleriň 666-sy (347 erkek türgen we 319 zenan türgen) medalar üçin göreşer. Erkekleriň arasynda hem, zenanlaryň arasynda hem ýedi agram derejede guraljak ýaryş 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna ýollanma almak ugrunda reýting utuklaryny berýändigi bilen ähmiýetlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň