Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Dolce&Gabbana» dükany açylar

10:3303.05.2023
0
36917

6-njy maýda Aşgabatda bütin dünýäde meşhurlyk gazanan «Dolce&Gabbana» italýan haryt nyşanynyň dükany açylar.

Dükanyň açylmagy mynasybetli 6 – 8-nji maý aralygynda ähli hödürlenýän harytlar üçin 10% arzanladyş hereket eder.

«Dolce&Gabbana» dükany müşderilere erkekler, zenanlar we çagalar üçin egin-eşikleriň dürli görnüşlerini hödürleýär. Erkekler üçin egin-eşik görnüşleriniň hatarynda jinsiler, batnikler, nusgawy we sport lybaslary, ýüzmek üçin içki geýimler we başgaplar, köýnekler we jalbarlar hödürlenýär.

Zenanlar üçin köýnekleriň, bluzkalaryň, penjekleriň, ýantorbalaryň we pes hem-de beýik ökjeli köwüşleriň, dürli aksessuarlaryň baý görnüşleri bardyr.

Şeýle-da çagalar üçin egin-eşikleriň dürli görnüşleri hödürlenýär: gyzjagazlar üçin gündelik köýnekler, etekler, jalbarlar, köýnekler, sport lybaslary, gyzjagazlar we oglanjyklar üçin ýantorbalar, içki geýimler, köwüşler, başgaplar we beýlekiler.

«Dolce&Gabbana» dükany dynç günsüz sagat 10-00-dan 20-00-a çenli, ýekşenbe günleri bolsa 11-00-dan 20-00-a çenli işlär.

Ýerleşýän ýeri – Alyşir Nowaýy köçesindäki «Altyn Zaman» SM. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 62) 55 55 06.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň