Top.Mail.Ru

Aşgabatdaky «Stefano Ricci» dükany erkek egin eşikleriniň täze tomusky kolleksiýasyny tanyşdyrýar

11:4429.04.2023
0
55512

Ýewropanyň döwrebap «Stefano Ricci» egin eşik brendi aşgabatlylary we paýtagtyň myhmanlaryny Aşgabat şäherindäki «Altyn Zaman» söwda merkezinde ýerleşýän «Stefano Ricci» dükanynda hödürlenýän «Ýaz – tomus 2023» egin eşik kolleksiýasy bilen tanyşmaga çagyrýar.

Täze kolleksiýanyň haryt görnüşleriniň hatarynda jinsler, batnikler, köýnekler, nusgawy jalbarlar we penjekler, sport köýnekçeleri we geýimleri, başgaplar, tebigy deriden tikilen aýakgaplar (mokasinler, loferler, krossowkalar, tomusky aýakgaplar, nusgawy köwüşler we ş.m), şeýle-de kemerler, portmoneler we äýnekler bar.

Dükan Aşgabadyň Alyşir Nowaýy köçesindäki «Altyn Zaman» söwda merkezinde ýerleşip, dynç günsüz sagat 10:00-dan 20:00-a çenli, ýekşenbe güni bolsa sagat 11:00-dan 20:00-a çenli işleýär. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 62) 55 55 06.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň