Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda türkmen-türk diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygy bellenildi

15:1502.05.2023
0
28250
Aşgabatda türkmen-türk diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygy bellenildi
Surat: Turkmenportal

Şu gün Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirdi.

1992-nji ýylyň 2-nji maýynda Aşgabatda açylan türk ilçihanasy Garaşsyz Türkmenistandaky ilkinji ilçihanadyr. Bu barada Türkiýäniň ilçisi Togan Oral dabara gelen myhmanlaryň öňünde eden çykyşynda belledi.

«Şu gün size Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden we Aşgabatda özüniň diplomatik wekilhanasyny açan ilkinji ýurduň ilçisi hökmünde ýüzlenýändigime buýsanýaryn. Bu ilçihana döredileli bäri doganlyk türk we türkmen halklarymyzyň arasyndaky taryhy, medeni, dil, dini we maşgala baglaryna esaslanýan nusgalyk gatnaşyklara gadyr goýýarlar» diýip, ilçi özüniň çykyşynda aýtdy.

Çäräniň çäginde Türkiýäniň diplomatik gullugynyň 500 ýyllygyna bagyşlanan we Ilçihananyň açylmagynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi açyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň