Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Marygallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Türkmengala un we unaş önümleri kärhanasynda şu ýylyň birinji çärýeginde taýýarlanan unuň mukdary 9 müň 406 tonnadan aşypdyr. Şonuň 1 müň 254 tonnasynyň ýokary hilli undur. Şeýle-de bu ýerde unaş ununyň 916 tonnasy taýýarlanyp, şondan 902 tonna unaş öndürilipdir. Çörek we çörek önümlerini öndürmekde gazanylan netijeler 306 tonna barabar bolupdyr.
2007-nji ýylda ulanylmaga berlen kärhanada unuň üç, unaşyň dokuz görnüşi öndürilip, şeýle önümler özüniň ýokary hil derejesi bilen tapawutlanýar. Bu önümler dürli agramly, göze gelüwli, owadan gaplara gaplanyp, ýurduň ähli künjeklerine bökdençsiz ugradylýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.
Halkyň islegini yzygiderli öwrenýän kärhana çörek bişirýän bölümleriň hem işini ýola goýdy. Indi Türkmengala, Ýolöten, Tagtabazar etraplarynda kärhananyň çörek bişirýän bölümleri hereket edýär. Şeýlelikde, şol etraplaryň ilatynyň gündelik gyzgyn çörek bilen üpjün edilmegine mynasyp goşant goşulýar.