Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýada atşynaslar bilen duşuşdy

07:4830.04.2023
0
38075
Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýada atşynaslar bilen duşuşdy
Surat: tdh.gov.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Germaniýa Federatiw Respublikasynda saparda boldy.

Saparyň çäklerinde türkmen-german gatnaşyklaryny mundan beýläk-de netijeli ösdürmäge, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilen duşuşyklar geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow saparynyň dowamynda Germaniýanyň Atçylyk toplumynda bolup, onda idedilýän atlaryň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşdy we ýurdumyzda şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň, seýislemegiň milli usullary barada gürrüň berdi. Şunda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň, atçylyk pudagynyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere üns berildi. Bu toplumyň örän baý taryhy bar we häzirki döwürde oňa atçylyk pudagynda uly işleri bitiren Konrad Şumaher ýolbaşçylyk edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerdäki meýdança baryp, hünärmenleriň haýyşy boýunça olar bilen gara reňkli bedewiň ýanynda ýadygärlik surata düşdi. Şeýle hem bu ýerde toplumyň çäginde ideg edilýän bedewleriň birnäçesiniň görkezilişi boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow bedewleri synlap, olara edilýän idegiň talabalaýykdygyny belledi we ideg işleriniň derejesine ýokary baha berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň