Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aýdymçy Nazir Habibow Kuwwat Çarygulyýew bilen Türkmenistan barada täze aýdym döretdi

21:4828.04.2023
0
54958

Aýdymçy Nazir Habibow Türkmenistanyň at gazanan artisti Kuwwat Çarygulyýew bilen Türkmenistanyň beýik ösüşlerini wasp edip döreden täze aýdymyny diňleýjilere hödürledi. Täze aýdymyň sözleri şahyr Arslan Kertikowa, sazy bolsa Ataş Jumaýewa degişli. Aýdymyň döreýşi barada aýdymçy şeýle gürrüň berýär:

— Her gezek gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň gözelligini, Türkmenistanyň dürli künjeklerinde gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän belent sepgitleri görenimde göwnüm ganatlanyp, ýurdumyz barada ajaýyp bir aýdym döretmek barada pikir edýärin. Men bu barada şahyr Arslan Kertikowa öz pikirimi aýdanymda, ol hem özünde şeýle teklibiniň bardygyny aýtdy.

Men Arslan, Ataş üç bolup täze aýdymyň üstünde işledik. Sözi, sazy ýerine düşen aýdym şowly çykdy. Men bu aýdymy ýekelikde däl-de, merhum halypamyz Atabaý Çarygulyýewiň ogly Kuwwat Çarygulyýew bilen bilelikde ýerine ýetirmek isledim. Sebäbi Kuwwat meniň iň gowy dostlarymyň biri. Kuwwat hem teklibimi kabul etdi. Şeýlelikde, diňleýjilere Türkmenistan döwletini wasp edýän aýdymy hödürledik.

Aýdymçynyň aýtmagyna görä, ol geçen ýyllaryň dowamynda şahyr Arslan Kertikowyň sözlerine «Toý-toý», «Toý gijesi», «Har etdiň», «Sary saçly», «Armanym bar», «Waý-waý», «Eýjejik ýarym», «Däli dünýä», «Arzuw», «Synag» ýaly birnäçe aýdymlary döredip diňleýjilere hödürledi. Ol aýdymlar bolsa halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy.

  • Nazir Habibow bilen Kuwwat Çarygulyýewiň täze aýdymyny şu ýerden diňläp bilersiňiz.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň