Tokio şäheriniň häkimliginiň wekilleri Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna çagyryldy

16:0328.04.2023
0
39581
Tokio şäheriniň häkimliginiň wekilleri Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna çagyryldy
Surat: iirmfa.edu.tm

27-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi bilen bilelikde Tokio şäher häkimliginde duşuşyk geçirdi.

«Tükmen wekiliýeti Ýaponiýanyň paýtagtynyň ylym-bilim pudagyndaky işleri bilen tanyşdy we bu ugurda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy» diýlip, TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi saýtynda berlen habarda bellenilýär.

Bellenilişi ýaly, türkmen tarapy Tokio häkimliginiň wekillerini Türkmenistanda geçiriljek Arkadag atly «akylly şäheriň» açylyş dabarasyna çagyrdy.

Ýeri gelende bellesek, paýtagt Aşgabatdan 30 kilometr günorta-günbatarda ýerleşýän Arkadag şäheriniň umumy meýdany 950 gektara barabar bolup, ol 70 müň töweregi ilatyň ýaşamagy üçin niýetlenendir. Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň esasy düzüm birlikleriniň biri bolan bu taslama raýatlaryň durmuşynyň ähli ugurlarynda ösen tehnologiýalary ulanmagy öz içine alýar.

Bu ägirt uly taslamanyň gurluşygyna 2019-njy ýylda başlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň