Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 10-njy martynda Aşgabatda «Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen bilelikde geçirilen bu halkara maslahatyň Jarnamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edildi. Şeýle hem Jarnama Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi (А/77/837).
Resminama BMG-niň Baş Assambleýasynyň 7-nji sessiýasynyň Gün tertibiniň «Durnukly ösüş» diýlip atlandyrylýan 18-nji, «Oba hojalygyny ösdürmek, azyk howpsuzlygy we iýmitleniş» diýlip atlandyrylýan 24-nji, şeýle hem «Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» diýlip atlandyrylýan 61-nji maddalaryna laýyklykda kabul edildi.