Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň sazlaşdyrylan ulgamy hakyndaky halkara Konwensiýa goşuldy

10:3125.04.2023
0
24514

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçisi Sapar Palwanow Bütindünýä gümrük guramasynyň (WCO) Baş sekretary Kunio Mikuriýa bilen duşuşdy.

Bütindünýä gümrük guramasynyň Brýusseldäki baş edarasynda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň sazlaşdyrylan ulgamy hakyndaky halkara Konwensiýa goşulmagy baradaky guraly gowşurmak dabarasy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Türkmenistanyň Bütindünýä gümrük guramasynyň maksatnamalaryna, şol sanda Gümrük işgärlerini taýýarlamaga mümkinçilik berýän hünär kämilleşdiriş maksatnamasyna gatnaşmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ilçi şeýle hem, Türkmenistanyň sanlylaşdyrmak ulgamynda durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy. Bu çäreler diňe bir gümrük amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, gümrük we eksport-import amallarynyň aç-açanlygyny ýokarlandyrmaga hem ýardam edýär.

Baş sekretar gümrük amallaryny döwrebaplaşdyrmak ugrundaky tagallalary üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi we Guramanyň ýurda tehniki kömek we goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy. Şeýle hem ol Türkmenistanyň bu konwensiýa goşulmagynyň ýurt bilen guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirjekdigini aýtdy.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň mart aýynda «Brýussel şäherinde kabul edilen we Üýtgetme girizmek baradaky Teswirnama arkaly üýtgetme girizilen Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň sazlaşdyrylan ulgamy hakyndaky halkara Konwensiýa goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi.

Bütindünýä gümrük guramasy dünýädäki gümrük administrasiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda hereket edýän hökümetara guramadyr. Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky diplomatik edarasynyň bellemegine görä, guramanyň agzalygynda Türkmenistan bilen birlikde 180-den gowrak ýurt bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň