Türkmenistan Harytlary beýan et­me­giň we kod­laş­dyr­ma­gyň saz­laş­dy­ry­lan ul­ga­my ha­kyn­da­ky hal­ka­ra Kon­wen­si­ýa go­şul­ýar

11:1023.03.2023
0
32182

Şu gün «Brýussel şäherinde kabul edilen we Üýtgetme girizmek baradaky Teswirnama arkaly üýtgetme girizilen Harytlary beýan et­me­giň we kod­laş­dyr­ma­gyň saz­laş­dy­ry­lan ul­ga­my ha­kyn­da­ky hal­ka­ra Kon­wen­si­ýa go­şul­mak ha­kyn­da» Türkmenistanyň Kanuny çap edildi.

Kanunda şeýle bellenilýär: «1983-nji ýylyň 14-nji iýunynda Brýussel şäherinde kabul edilen we 1986-njy ýylyň 24-nji iýunynda Üýtgetme girizmek baradaky Teswirnama arkaly üýtgetme girizilen Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň sazlaşdyrylan ulgamy hakyndaky halkara Konwensiýa goşulmaly».

Türkmenistanyň Prezidentiniň 16-njy martda gol çeken Kanuny şu gün «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň