Türkmenistanyň Azerbaýjana eksporty 190 million dollar boldy

14:2721.04.2023
0
55441

2023-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Türkmenistandan Azerbaýjana edilen eksportuň umumy bahasy 190 million dollar boldy. Bu, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, (30,14 million dollar) 6,3 esse köpdür.

«Trend»-iň berýän habaryna görä, bu döwürde Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,4 esse artyp, 38,92 million dollardan 211,88 million dollara ýetdi. Şeýlelikde, Türkmenistan Azerbaýjan bilen söwda ulgamynda hyzmatdaşlyk edýän iň gowy 15 ýurduň hataryna girdi.

Şeýle hem şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Türkmenistan Azerbaýjandan importy 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,4 esse (8,77 million dollar) — 21,88 million dollara çenli ýokarlandyrdy.

Çeşme 2022-nji ýylda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 535,3 dollar bolandygyny belleýär.

Ozal 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanşygynyň 3,6 esse ýokarlanandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň